Russiýanyň goşunyna ýakyn bolan sosial media hasaplary sişenbe gününiň çarşenbe gününe geçýän gijesinde Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleriniň Kursk sebitinde garşylyklaýyn hüjüme geçendigini habar berdiler.
6-njy awgustda Ukraina II Jahan urşundan bäri Russiýa garşy alynyp barylýan iň uly hüjümi başladypdy, müňlerçe esger Günbatar önümi bolan köp sanda uçarmansyz howa ulaglary we agyr ýaraglar bilen Kursk sebitine giripdi.
Howpsuzlyk güýçlerine ýakyn bolan "Rybar" we "Dwa Maýora" atly Telegram kanallary rus harby birikmeleriniň Kursk sebitinde garşylyklaýyn hüjüme geçendigini mälim etdiler.
"Dwa Maýora" atly Telegram kanaly: "Rus goşuny Kursk sebitinde duşman frontynyň günbatar ganadynda garşylyklaýyn hüjüme başlap, döwlet serhediniň golaýyndaky Ukrainanyň gözegçilik zolagyny daraltdy" diýip ýazdy.
Ýuriý Podolýak atly bloger bolsa, rus harby güýçleriniň birnäçe obany gözegçilik astyna alandygyny we Ukrainanyň harby güýçlerini Malaýa Loknýa derýasynyň gündogaryna we Snagost obasynyň günortasyna çenli yzyna serpikdirendigini aýan etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrligi we Ukrainanyň goşuny şol habarlar barada entek beýanat bermediler ýa-da şol öňe sürmeleri tassyklamadylar.