Russiýanyň kärhanalarynda iş ugurlary boýunça ýiti ýetmezçilik duýulýar

Russiýanyň kärhanalarynda iş ugurlary boýunça ýiti ýetmezçilik duýulýar

Russiýada birnäçe iş ugurlary boýunça hünärmenleriň ýetmezçiligi soňky bäş ýylyň dowamyndaky iň ýokary derejesine ýetendigi bellenilýär diýip, MIR 24 portaly Headhunter iş gözlegi kompaniýasynyň saýtynda berlen maglumata esaslanyp habar berýär.

Häzirki wagtda Russiýada, esasan, gurluşykçylar, ýükçüler, abatlaýyş işleri boýunça hünärmenler, kärhana işgärleri, ammarçylar, sowal-jogap gulluklarynyň hünärmenleri, barmenler, çaparlar (kurýerler), sürüjiler, slesarlar we satyjylar ýiti ýetmezçilik edýär.

Headhunter kompaniýasynyň wekiliniň bellemegine görä, hh.ru saýtynda iş ugurlaryna dalaşgärleriň ýetmezçiligi aýdyň görünýär iş gözleýänleriň sanyndan boş iş orunlarynyň sany has köp.

Ýokarda agzalan hünärler Russiýada uzak bolmadyk möhletiň dowamynda talap ediler. Şeýle hem kärhanalara we edaralara elektromontažçylar, gaplaýjylar, toplaýjylar we dürli ugurly işçiler gerek bolar. Ýokary zähmet haky tölenýän hünärleriň (145 müň rubldan başlanýan) sanawyna awtoslesarlar, maşinistler, tokarlar, kebşirleýjiler we frezerçiler girýärler.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Halkara energetika agentligi Türkmenistan bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkider
HEA: 2030-njy ýylda nebite, gaza we kömre isleg iň ýokary derejä ýeter
HEA: gaýtadan dikeldilýän energetika elektrik togunyň esasy çeşmesi bolar
Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi
2022-nji ýylda dünýäde elektromobil satuwy rekord derejä ýetip biler
OPEK+ ýurtlary iýulda nebit önümçiligini azaltmak baradaky şertnamanyň şertlerini 523% ýerine ýetirdiler