Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň hatyrasyny saklap gelýändigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Orient neşirine beren interwýusynda ol Ýeňiş gününi bellemek boýunça Russiýanyň başlangyçlarynyň Türkmenistanyň ýolbaşçylary we ýurduň ilaty tarapyndan ýürekden kabul edilýändigini belledi.
Dogrumy aýtsam, sowet halkynyň faşistik basybalyjylaryndan üstün çykyp, gazanan Beýik Ýeňiş gününden bäri indiki ýyl 80 ýyl boljakdygyna ynanar ýaly däl.Biziň umumy hatyramyza bolan aýawly garaýyş, Gyzyl Goşunyň wepat bolan esgerleri üçin ýadygärlikleri we ýatlama toplumlaryny degişli ýagdaýda saklamak üçin görülýän çäreler üçin Türkmenistanyň häkimiýetine minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Ýeňiş gününi bellemek boýunça Russiýanyň başlangyçlarynyň ýurduň ýolbaşçylary, şeýle hem türkmen halky tarapyndan hemişe ýürekden kabul edilýändigini görmek guwandyryjydyr — diýip, Wolynkin belledi.
Russiýa Federasiýasynyň ilçisi faşizmi sowet halklarynyň birleşmeginiň netijesinde ýeňip bolandygyny nygtady, 2025-nji ýylda gahrymanlaryň nesilleriniň Aşgabatda Baky polkuň bir bitewi hatarynda ýöräp geçjekdigine umyt bildirdi.
Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli ilçihananyň diwarlarynyň ýanynda Ýatlama alleýasyny döretmek, şol ýyllaryň aýdymlary bilen adaty konsertleri we meşhur harby-watançylyk filmlerini görkezmek meýilleşdirilýär — diýip, Wolynkin paýlaşdy.
Şeýle hem umumy Ýeňşe bagyşlanyp, ýadygärliklere gül goýmak çäresi, döredijilik agşamlary guralar.