Russiýanyň ilçisi Türkmenistan barada gürrüň berdi

Russiýanyň ilçisi Türkmenistan barada gürrüň berdi

Türkmenistan baý medeniýete, özboluşly binagärlige we halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçiliklere eýe batly depginler bilen ösýän ýurt hökmünde tanalýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Sputnik radioýaýlymynyň Persona grata gepleşiginde gürrüň berdi.

Diplomat gepleşikde Türkmenistanyň dürli ugurlarda örän çalt depginde ösüşi baradaky şahsy pikirlerini paýlaşdy.

Aşgabatdaky diplomatik durmuş

Iwan Wolynkin Türkmenistandaky diplomatik durmuşy baý we gyzykly diýip häsiýetlendirdi.

Diplomatik gullugyň çagyrylmagy talap edilýän köp sanly çäreler bar diýip, ilçi belledi.

Ilçi şeýle çäreleriň hatarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda her ýyl geçirilýän Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi aýratyn hyjuw bilen ýatlady.

Ýaşaýyş-durmuş şertleri we howpsuzlyk

Rus diplomaty Türkmenistandaky ýaşaýyş-durmuş şertlerine ýokary baha berdi.

Ýaşaýyş jaý şertleri gowy, azyk we senagat önümleri bilen üpjünçilik iň ýokary derejede diýip, ilçi belledi.

Wolynkin ýurtda howpsuzlygyň ýokary derejesini aýratyn belläp: Günüň islendik mahaly Aşgabatda arkaýyn gezelenç edip bilersiňiz diýdi.

Daşary syýasat we bitaraplyk

Ilçi Türkmenistanyň daşary syýasaty barada durup geçip, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýan ýurduň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhümdigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýändigi bellenildi.

Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin halkara we sebitara gatnaşyklara açykdyr diýip, Wolynkin belledi.

Medeni köpdürlülik

Ilçi Türkmenistanyň köpmilletli häsiýetini belläp, iri rus, ermeni we azerbaýjan diasporalarynyň bardygyny aýtdy.

Diasporalaryň hemmesi agzybirlikde asuda ýaşaýarlar. Bu ýerde halkara aragatnaşygyň dili rus dili hasaplanýar diýip, ol belledi

Infrastrukturanyň ösüşi

Wolynkin ýurduň infrastrukturasynyň ösüşi barada haýran galmak bilen gürrüň berdi. Hususan-da, Aşgabat şäherine aýratyn üns berip, ony özboluşly binagärligi bolan ajaýyp ak mermer şäher hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle-de ilçi ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly gurlan täze akylly şäher Arkadag şäheri barada hem gürrüň berdi.

Syýahatçylyk we gözel ýerler

Diplomat Mary welaýatyndaky Gadymy Merw ýadygärlikleriniň, Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň örän ajaýypdygyny aýratyn nygtap, ýurda syýahat eden mahaly özünde galan täsirleri paýlaşdy.

Ýene degişli makalalar

UFC 279 turnirinde Çimaýew Hollanddan üstün çykyp, ýeňilmezek adyny saklap galdy
“Liwerpul” içini sowatdy
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
Toni Fergýuson indiki söweşini Li Jinliang bilen geçirer
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!