Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, rus harby-deňiz flotyna degişli birikmeleriň we degişli toparlaryň meýilleşdirilen görnüşde türgenleşiklere başlandygy bellenip, türgenleşikleriň Demirgazyk, Ýuwaş we Baltika flotlarynyň operatiw sebitleri bilen Hazar flotynyň jogapkärçiligi astyndaky ýerlerde geçirilýändigi habar berildi.
Beýanatda harby tälim türgenleşiklerine takmynan 300 gämi we gaýyklaryň, suwasty we goldaw gämileri, 50 uçaryň, 200-den gowrak harby we ýörite enjamlaryň we 20 müňden gowrak esgeriň we raýat işgäriniň gatnaşýandygy mälim edildi.
Birnäçe günüň dowamynda 3 flodyň we Hazar flodynyň gämi ekipažlarynyň, deňiz awiasiýa birikmeleriň we kenarýaka güýçleriniň ýaraglaryny amaly ýagdaýda ulanmaklary bilen 300-den gowrak harby türgenleşigiň geçiriljekdigi bellenen beýanatda: "Türgenleşikleriň esasy maksady harby-deňiz güýçleriň harby ştab we gözegçilik organlarynyň ähli görnüşdäki hereketleri, şol sanda Rus harby-deňiz güýçleriniň gämi ekipažlarynyň, deňiz awiasiýa birikmeleriniň we kenarýaka birikmeleriň wezipeleri maksadalaýyk ýerine ýetirmäge taýar bolup-bolmandygyny gözegçilik etmek" diýip habar berildi.