Russiýanyň halk artisti, kinoaktýor, aýdymçy Igor Sklýar düýn 65 ýaşyny baýram etdi. Ol kinoda, teatrda we aýdym-saz sungatynda özüniň zehini bilen köpleriň söýgüsini gazandy. Sklýaryň ýerine ýetiren Komarowo atly aýdymy 80-nji ýyllarda öňki Soýuzyň ähli ýerlerinde iň söýlüp diňlenýän aýdymlaryň biri boldy.
Aktýor heniz hem köp işleýär, kinoda surata düşýär, teatryň sahnasynda keşpleri janlandyrýar, jaz konsertleri bilen çykyş edýär.
Sklýar režissýor Karen Şahnazarowyň Biz jazdan atly filminde baş keşbi janlandyryp, köpleriň söýgüsini gazandy.
Demirgazyk flotuň ýungasy atly ilkinji filmine ony dogduk şäheri Kurskde köçede duşup, surata düşmäge çagyrdylar. Aktýor şeýle-de Zenanlary aýaň, Duşenbe gününiň çagalary, Batalýonlar ot açmagy soraýar atly filmlerde ýatda galyjy keşpleri döretdi, Dostoýewskiniň, Turgenýewiň we Wampilowyň eserleri boýunça sahna eserlerinde çykyş etdi.
Artistiň döredijilik terjimehalynda geldi-geçer keşp ýok, onuň özi bu barada keşbiň möçberi däl-de, ony seniň nähili ýerine ýetirendigiň wajyp diýýär.