Ýangynlar güýçli şemal sebäpli ýaýramaga dowam edýär, sebitiň gubernatory Wasiliý Golubew bolsa ýangynyň elektrik liniýalarynyň döwülmegi sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy.
50-den gowrak ýangynyň 20-si gözegçilik astyna alyndy.
Ýangynlary gözegçilik astyna almak üçin sebite 2 müňden gowrak ýangyn söndüriji we 300-e golaý ýangyn söndüriş enjam gönükdirildi, ýangynyň ýaşaýyş ýerlerine golaýlamagy sebäpli ýaşaýjylar ewakuasiýa edildi.
Woronež sebitindäki tokaý ýangynlary üçin bolsa sebite 150-ä golaý ýangyn söndüriji bilen 50 ýangyn söndüriş enjamy gönükdirildi, ýangynlaryň ýaşaýyş ýerlerine syçramagynyň öňi alyndy.