Russiýanyň gubernatory Türkmenbaşy bilen Astrahanyň...

Astrahan oblastynyň gurbernatory Igor Babuşkin Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşugynyň dowamynda Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda kadaly uçar gatnawyny ýola goýmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi diýip, TASS habar berýär.

Ol döwlet baştutanyna ýakyn wagtda Astrahanda Hazaryň akwatoriýasynda işlemek üçin gurlan Pýotr Welikiý kruiz laýneriniň suwa goýberiljekdigini habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow bilen söhbetdeşligiň barşynda Igor Babuşkin ynsanperwerlik gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Häzirki wagtda bu sebitde Türkmenistanyň 1 müňden gowrak raýaty okaýar diýip, ol belledi.

Gubernator şeýle hem Astrahanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň täze başlygy saýlanyldy, Russiýa Türkmenistanda öz ilçisini çalyşdy, Gazagystan we Türkmenistan döwlet serhedinden geçmegiň tertibi barada ylalaşdylar we beýleki habarlar
Astrahanyň Beýik Pýoter gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar
Astrahan — Türkmenbaşy täze gämi gatnawy ýola goýular