Ukrainanyň Dnepropetrowsk welaýatynyň Çaplin şäherçesindäki otly duralgasyna Russiýanyň goşunynyň düýn raketa bilen guran hüjüminde ýogalanlaryň sany 25 adama ýetdi.
Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygynyň orunbasary Kiril Timoşenko, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, raketaly hüjümleriň guralan ýeri bolan Çaplin şäherçesiniň otly bekedindäki gözleg we halas ediş işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.
Timoşenko: "Rus basyp alyjylaryň ýaşaýyş ýerlerini we otly bekedini bombalamagy netijesinde 2-si çaga jemi 25 adam ýogaldy, 31 adam hem ýaralandy" diýip mälim etdi.
Çaplin şäherçesindäki otly bekedine düýn Russiýanyň goşuny raketalar bilen hüjüm gurapdy, Ukrainaly resmiler hüjümde 15 adamyň ýogalandygyny habar beripdiler.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.