
Ukrainanyň Prezident ofisiniň başlygynyň orunbasary Kirilo Timoşçenko Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainanyň tapawutly ýerlerine 20-nji oktýabrda guran hüjümleri barada özüniň Telegram hasabyndan maglumat berdi.
Kirilo Timoşçenko esasan hem Harkow, Nikolaýew we Donetsk sebitlerine hüjümleriň guralandygyny belläp, Russiýanyň harby güýçleriniň hüjümleriniň netijesinde ady agzalan 3 sebitde asuda ilatdan 11 adamyň ýogalandygyny we 13 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň Prokuraturasyndan berilen ýazmaça beýanatda söweşiň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri Ukrainada söweş sebäpli ýogalan çagalar barada maglumat berildi.
Ukrainada dowam edýän çaknyşyklar sebäpli şu günki güne çenli 429 çaganyň ýogalandygy bellenen beýanatda, 1246-dan gowrak çaganyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.