Russiýanyň liderligindäki Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygyna alada bildirýär. Gurama munuň bilen baglylykda, harby bloguň düzümine girmeýän Türkmenistany we Özbegistany Owganystan ugry boýunça tagallalaryna goşulmaga çagyrýar.
Bilermenler Russiýanyň Ukrainada alyp barýan basybalyjylykly hüjümleri netijesinde daşky dünýäden barha üzňeleşdirilmegi bilen, Moskwanyň gorky taktikalaryny’ ulanyp, Merkezi Aziýa döwletlerini öz täsir orbitasyna dolamak isleýändigini aýdýarlar.
Bir wagtlar Ýewraziýanyň NATO bileleşigine beren jogaby hökmünde häsiýetlendirilen KHŞG-niň düzümine Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan girýär.
KHŞG-niň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 20-nji iýunda ýaýradan bilelikdäki beýanatynda Owganystandaky ýaramazlaşýan howpsuzlyk ýagdaýlarynyň arasynda, ýurtda halkara terrorçy, şol sanda “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň we onuň “Welaýat Horasan” şahamçasynyň işjeňliginiň barha artmagyna alada bildirilýär.
2021-nji ýylyň awgustynda “Talyban” Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele geçirdi. Mundan soň, ýurtda ynsan hukuklarynyň basgylanmagy, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň, olaryň iş mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi ýaly ýagdaýlar ýaňadandan ýüze çykyp başlady. “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti häzirki wagtda dünýäde resmi taýdan ykrar edilmeýär.
KHŞG-niň Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap edilen beýanatynda “Talybanyň” adam hukuklary, şol sanda aýal-gyzlaryň haklary babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmegine çagyryş edilýär. Mundan başga-da, Owganystanda neşe serişdeleriň dolanyşygynyň artmagyna we munuň goňşy ýurtlara ýaýramak howpuna alada bildirilýär.
Beýanatda KHŞG-niň owgan ugry boýunça tagallalaryna bloguň düzümine girmeýän Türkmenistany we Özbegistany hem goşmak mümkinçiliklerini öwrenmegiň talaba laýyk boljakdygy nygtalýar. Emma bir bölegi bolmaga çagyrylýan “hyzmatdaşlygyň” we Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdunyň mümkin roly barada hiç zat aýdylmaýar.
Sebitdäki özgerişlikleri yzarlaýan bilermenler Owganystandaky soňky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň alada galmaga esas berýändigini, şol bir wagtda Russiýanyň bu wehimi ulanyp Türkmenistan we Özbegistan babatyndaky täsirini artdyrmagy maksat edinýändigini belleýärler.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer soňky döwür GDA-nyň günorta serhet çäkleri boýunça hem aladaly beýanatlaryň barha köp göze ilýändigine ünsi çekdi.
“Bu ýagdaýlar eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýär. Munuň bilen, [Russiýa] Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetlerine iň azyndan has köp hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ideal ýagdaýda KHŞG-niň düzümine goşulmak barada açyk bir yşarat berýär” diýip, Panniýer Azatlyga 22-nji iýunda gürrüň berdi.
Ol Moskwanyň ilkinji nobatda, öz täsirini artdyrmak üçin, bu iki ýurduň günorta serhetlerinde rus harbylarynyň we maslahatçylarynyň hem ýerleşdirilmegini gazanmak isleýändigini çaklady.
Şol bir wagtda, bilermen ne Özbegistanyň, ne-de Türkmenistanyň bu beýanataky çagyryşa oňaýly jogap berjekdigine garaşmaýandygyny aýtdy.
Özbegistanyň sebitde iň kuwwatly harby güýçleri bar, onuň Owganystan bilen serhet araçägi hem degişlilikde has kiçi. Türkmenistan ýyllar boýy ýurduň bitaraplyk statusyna salgylanyp, halkara, esasan hem harby guramalara agza bolmakdan saklanyp gelýär.
“Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” 1995-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň kanuny ýurduň harby bileleşiklere we soýuzlara, galyberse-de “berk borçnamalary bilen ýa-da gatnaşyjylaryň kollektiwleýin jogapkärçiligini göz öňünde tutýan döwletara birleşiklerine” gatnaşmagyny çäklendirýär.
KHŞG-niň soňky beýanaty, Russiýanyň geçen ýylyň fewralynda Ukraina garşy başladan esassyz hüjüminiň netijesinde, Moskwanyň daşky dünýäden barha üzňeleşdirilýän we oňa garşy sanksiýalaryň girizilýän döwrüne gabat geldi. Kremliň KHŞG-däki bäş hyzmatdaşyndan diňe Belarus Russiýanyň Ukraina sebäpsiz başlan çozuşyna goldaw berdi.
Şu ýylyň maýynda Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan KHŞG-niň Ýerewan babatyndaky öz borçnamalaryny doly ýerine ýetirmeýändigini aýdyp, öz ýurdunyň harby bloguň düzüminden çykyp biljekdigini duýdurdy.
KHŞG kökleri 1990-njy ýyllaryň başynda Azerbaýjany, Gürjüstany we Özbegistany, şeýle hem bileleşigiň häzirki alty agzasyny öz içine alýan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasyndan (KHŞ) gözbaş alýar. Emma 2002-nji ýylda KHŞ KHŞG-e öwrülende bu üçlügiň hiç biri-de oňa agza bolmady.
Merkezi Aziýanyň iň uly goşunyna eýe bolan Özbegistan 2005-nji ýylda bileleşige goşuldy, ýöne ýedi ýyl soň ondan ýene aýryldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.