Kuleba, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen Ukraina oturlyşygynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.
Ukrain gallasynyň global bazarlara ýetirilmeginiň ýola goýulmagynyň ähmiýetine ünsi çeken Kuleba, çözgüt tapmak üçin “syýasy ygtyýaryň” gerekdigini, ýokary depginli gepleşikleriň dowam etjekdigini aýtdy.
Kuleba; “Galla ylalaşygynyň bes edilmegi bilen Russiýa esasanda Afrikadaky we Aziýadaky artýan azyk nyrhlaryna hem-de açlyga sezewar etdi. Onuň öňi alynmaly. Ol hemmeler üçin mesele bolup durýar. İndi Russiýanyň ýüze çykaran meselesini çözmek bilen meşgullanmaga mejbur bolduk” diýdi.
Russiýa Krymdan çekilmän halatynda we hemmelere “ wehim saljakdygyny” pikir etdigi saýyn şuňa meňzeş meseleleriň dowam etjekdigini aýdan Kuleba; “Meseläni çözmek üçin iň gowy ýol Russiýany ýeňmek we yza çekilmegini ýola goýmak” diýdi.