
2025-nji ýylyň güýzünde Russiýanyň futbol ýygyndy topary Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) ýaryşyna gatnaşyp biler diýip, rus köpçülik habar beriş serişdeleri habar berýärler.
Çaklamalar boýunça, oýunlar 1-9 sentýabr aralygynda geçiriler. CAFA Kubogyna sebitden alty ýygyndy topar gatnaşar Täjigistan, Eýran, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan, Türkmenistan, şeýle hem iki çagyrylan topar, olaryň arasynda Waleriý Karpiniň topary hem bolup biler.
CAFA-nyň taryhdaky birinji Kubogy geçen ýylyň iýununda Bişkek we Daşkent şäherlerinde geçirildi. Ýaryşyň ýeňijisi Eýranyň futbol ýygyndysy boldy, olar finalda Özbegistany 1:0 hasabynda ýeňmegi başardylar.