Russiýanyň Döwlet Ýolbaşçysy Putin Türkmenistanda Saparda Bolýar

Russiýanyň Döwlet Ýolbaşçysy Putin Türkmenistanda Saparda Bolýar

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, dünýäde köpdürlüligi beýan edýän täze ulgamyň dörändigini aýtdy.

Putin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda türkmen şahyry we pikirzada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasibetli geçirilýän “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanşygy-parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna gatnaşdy.

Forumda çykyş eden Putin, dünýäde köpdürlüligi beýan edýän täze ulgamyň dörändigini aýtdy.

Rus lideri dünýäde etniki we dini çaknyşyklar sebäpli abanýan howplara garşy täze maliýe, ykdysadyýet we syýasat merkezleriniň Gündogarda we Günortada ýüze çykandygyny aýtdy.

Putin çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respulikasynyň paýtagty Kazanda oktýabr aýynyň 22-24-i aralygynda Braziliýadani Russiýadan, Hindistandan, Hytaýdan we Günorta Afrikadan ybarat BRICS-iň liderler maslahatynyň geçiriljekdigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Bilen Kurtulmuş Aşgabatda Duşuşdy
Putin Bilen Pezeşkiýan Sebitara we Halkara Meseleler Boýunça Pikir Alyşdy
Putin Pyragynyň adyny gaýta-gaýta ýalňyş aýtdy: "Bu türkmen halkyny äsgermezlik bolýar"
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler
Kurtulmuş Türki-Yslam Dünýäsine Çagyryş Etdi