Russiýanyň döwlet baştutany müsürli kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň döwlet baştutany müsürli kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä Putin bilen Sisi telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ysraýyl-Palestina çaknyşyk sebitindäki ýagdaýyň ele alynan telefon söhbetdeşliginde taraplaryň ikisi hem müňlerçe çaga we zenan bilen birlikde ozal görülip eşidilmedik asuda raýat pidalaryna çuňňur alada bildirýändiklerini beýan etdiler.

Telefon gürrüňdeşliginde akýan ganyň iň gysga wagtda durmagynyň, zamunlaryň azat edilmeginiň we Gazada asuda ilata ynsanperwer kömegiň berilmeginiň zerurdygy, Russiýa bilen Müsüriň halkara hukugyň esasynda Ysraýyl bilen parahatçylyk we howpsuzlyk içinde ýaşaýan garaşsyz Palestina döwletiniň emele getirilmegi bilen sebitdäki ýagdaýyň çözülmegi ugrunda çemeleşmä eýedigi habar berildi.

Wladimir Putin Abdulfettah as-Sisä rus raýatlarynyň Gaza sektoryndan ewakuasiýa etmek tapgyrynda Müsüriň beren goldawlary sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Ýagşylyk Gämisi Müsüre Bardy
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Ysraýyl 500 günden bäri Gazada genosid söweşini dowam etdirýär
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär