Demir ýol gurluşygy bilen meşgullanýan Russiýanyň Engineering Service - Putmash kompaniýasy Türkmenistan bilen bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada TASS, kompaniýanyň baş direktory Ýegor Lukýanowyň žurnalistlere beren interwýusyna salgylanyp, habar berdi.
Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş 2024 atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjy Ý.Lukýanow: Biz Russiýanyň demir ýollarynyň esasy hyzmat potratçysy, şeýle hem Russiýanyň demir ýollary üçin ulag öndürijileri. Şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilýän sergä gatnaşýarys. Döwletara hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine umyt baglaýarys, geljekde bu ýerde bilelikdäki kärhanany hem dörederis-diýdi.
Şeýle hem Lukýanow: Biz eýýäm möhüm gepleşikleri geçirdik, türkmen tarapyna durmuş hyzmatlarynyň birnäçesini hödürlemäge taýýardyrys diýip belledi. Onuň sözlerine görä, rus kompaniýasy Aşgabat şäheri üçin birnäçe hyzmatlary hödürlemäge taýýar.
Mundan başga-da ol, kompaniýasynyň ýakyn wagtda Türkmenistanda wekilhana açjakdygyny hem aýtdy.
Lukýanowyň sözlerine görä, Engineering Service - Putmash kompaniýasy Russiýanyň demir ýol bazarynda 15 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär.