
Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla edýär.
Prezident Erdogan şu gün paýtagt Ankarada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul eder.
Prezidentiň Kompleksinde boljak kabul edilşikde Ukraina söweşi, özara gatnaşyklar we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen hem duşuşar.
Duşuşykda söwda, energetika we syýahatçylyk pudagynyň başda durmagynda özara hyzmatdaşlyk meselesi seljerler.
Lawrowyň sapary, Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleriniň üçünji ýylyna gabat gelmegi taýdan diýseň möhüm.