Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow, Papanyň Wekili Zuppi Bilen Duşuşdy

Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow, Papanyň Wekili Zuppi Bilen Duşuşdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, katolikleriň ruhani lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransiskiň, Ukraina söweşiniň parahatçylykly ýagdaýda bes edilmegi üçin ýörite bellän wekili kardinal Matteo Zuppi bilen duşuşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Lawrow, Russiýada saparda bolan İtaliýanyň Episkoposlar konferensiýasynyň başlygy we Papanyň ýörite wekili kardinal Zuppi bilen paýtagt Moskwada duşuşdy.

Duşuşykda, Ukrainada 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän çaknyşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşan Lawrow bilen Zuppi, Russiýa bilen Watikanyň arasyndaky oňyn atmosfera kanagatlanma bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Baýden, Papa Fransisk we Netanýahu Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Rim Papasy žurnalistikanyň esasy ýalňyşlyklaryny sanady
Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy
Rim Papasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrdy
Zelenskiý Germaniýa Bardy