Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Eýranda Saparda Boldy

Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Eýranda Saparda Boldy

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Erakçi, ýurdunda saparda bolan Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama beren Erakçi, Lawrow bilen sebitara we halkara meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Palestinada, Liwanda we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen sebitara meseleleri seljerendiklerini aýdan Erakçi “Siriýa meselesinde umuman şol bir garaýşa goldaw berýäris. Eýran, Siriýada durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagyna goldaw berýär” diýdi.

ABŞ-nyň Gazada palestinalylaryň zor bilen ýurtlaryndan çykarylmagy baradaky meýilnamasyny dolulygyna ret edýändiklerini aýdan Erakçi, bu mesele boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýakynda jemlenişjekdigini belledi.

Ýadro gepleşikleri barada hem durup geçen Eýranyň Daşary işler ministri “Aşa basyş syýasaty dowam eden halatynda ABŞ bilen gepleşik geçirmek mümkin däl” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa “Goýlan ähli sanksiýalara garamazdan Eýran bilen söwda gatnaşyklarymyz ösýär. Özara söwda mukdary geçen ýyl 13 göterim artdy” diýip belledi.

Bir taraply sanksiýalaryň kabul edilmesizdigini nygtan Lawrow, Eýran bilen şol sanksiýalaryň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsiriniň azaldylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan rus kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow, Papanyň Wekili Zuppi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Günorta Kawkaz sebitleýin hyzmatdaşlyk platformasyna gatnaşdy
Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Duşuşdy