Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Ankara Geldi

Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Ankara Geldi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla edýär.

Prezident Erdogan şu gün paýtagt Ankarada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul eder.

Prezidentiň Kompleksinde boljak kabul edilşikde Ukraina söweşi, özara gatnaşyklar we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow kabul edilşikden öň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy.

Fidan bilen Lawrow duşuşykda söwda, energetika we syýahatçylyk pudagynyň başda durmagynda özara hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Lawrowyň sapary, Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleriniň üçünji ýylyna gabat gelmegi taýdan diýseň möhüm.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan rus kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Daşary Işler Ministri Fidan Russiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Türkiye, Somali-Efiopia gepleşikleriniň birinji tapgyryna ýer eýeçiligini edýär