Russiýanyň territoriýasynyň ýarysyndan gowragy gar bilen örtüldi. Bu barada ýurduň Howa maglumaty gullugynyň ylmy ýolbaşçysy Roman Wilfand habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Gar Sahalinden we Primorýeden başga, Uzak Gündogaryň ähli çägini basdy. Gyş aýazlary eýýäm Omsk we Nowosibirsk ülkelerinden başga Sibiriň ähli sebitlerine geldi.
Garyň demirgazyk Urala hem-de RF-niň Ýewropa bölegine ýagýandygy habarda bellenýär.