Russiýanyň Belgorod sebitinde öýler we ulaglar ýandy

Russiýanyň Belgorod sebitinde öýler we ulaglar ýandy

Russiýa Federasiýasynyň Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow raketaly hüjümiň öňüniň alynmagy tapgyrynda raketanyň bölekleriniň ýere gaçmagy netijesinde Belgorod sebitinde ulaglaryň we ýaşaýyş ýerleriň ýanandygyny, wakada ýaralanan adamlaryň bardygyny habar berdi.

Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow: "Ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 8 adam ýaralandy. Ýaralanan adamlaryň biriniň saglyk ýagdaýy örän agyr, beýleki adamlaryň ýaralary orta derejede" diýip mälim etdi.

Ýaralanan adamlar Belgorotdaky saglygy goraýyş edaralarynda bejergi astyna alyndylar.

Wýaçeslaw Gladkow wakada 1 öýüň we 15-den gowrak ulagyň ýanandygyny, mundan başgada 4 aýry öýüň aýnalarynyň döwülendigini, üçeklerine zeper ýetendigini, gaz ulgamlarynyň bozulandygyny habar berdi.

Rus Telegram kanallary wakanyň bolan ýerinde ýanan öýleriň we ulaglary wideolaryny paýlaşdy.

Belgorod sebitinde raketa howpy sebäpli duýduryş berilipdi, onuň yz ýanyndan bolsa şäheriň tapawutly ýerlerinde partlamalar bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Russiýa Hazar bäşligi ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanda Ogulabat Berdimuhamedowany hatyraladylar, Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa pomidor eksport edijileriň esasylarynyň birine öwrüldi, Aşgabada MAZ AGPJ-niň wekiliýeti geldi we beýleki habarlar
Belarusyň ilçisi Aşgabatda MAZ AGPJ-niň wekiliýeti bilen duşuşdy
Modelýer Wýaçeslaw Zaýsew aradan çykdy