Russiýanyň Antalýadaky Baş konsullygynyň täze hyzmat binasynyň açylyşyna, gubernator Hulusi Şahin, Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhow, şäher häkimi Muhittin Böjek, Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary ýokary komissary Tatiana Moskalkowa, döwlet edaralarynyň müdürleri, käbir ilçihanalaryň konsullary gatnaşdylar.
Russiýanyň Antalýadaky Baş konsuly Sergeý Wetrik beren beýanatynda, täze we döwrebap bina göçendikleri üçin örän şatdyklaryny belläp, konsullyga ýüz tutanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny habar berdi.
Sergeý Wetrik dynç almak üçin gelýän rus syýahatçylaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýandyklaryny mälim etdi.
Antalaýda on müňlerçe rus raýatynyň ýaşaýandygyny aýdan Sergeý Wetrik: "Her ýyl birnäçe million rus Antalýa gelýär. Antalýa 2023-nji ýylda 3,5 million rus syýahatçy geldi. Mundan başgada işleýän sebitimiziň içinde Mugla hem girýär. Ol ýerde hem köp raýatymyz bar" diýip aýan etdi.
Konsullyk wezipelerinden başga-da, Russiýanyň Ankaradaky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda rus-türk gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşandyklaryny aýdan Wetrik, geçen ýylyň dowamynda köp sanly rus-türk çärelerine gatnaşandyklaryny aýtdy.