Russiýalylaryň pikiri boýunça tamamlanyp barýan ýylyň iň gowy aýdymçylary Oleg Gazmanow we Polina Gagarina boldy, olaryň her biri sesleriň 14 göterimini gazandy. Bu barada Jemgyýetçilik pikirini öwrenmek boýunça Bütinrussiýa merkeziniň geçiren pikirsoraşmasynyň jemlerinde aýdylýar diýip, MIR 24 ýazýar.
Erkekleriň arasynda iň gowy ýerine ýetirijiler Şaman (Ýaroslaw Dronow) 13 göterim, Nikolaý Baskow 9 göterim we Filipp Kirkorow — 8 göterim, Grigoriý Leps we Sergeý Lazarýew sesleriň 6 göterimini, Nikolaý Rastorguýew (Lýube topary) we Lew Leşenko 4 göterimini aldylar.
Aýdymçy zenanlaryň arasynda iň gowular diýlip, Alla Pugaçýewa (8 göterim), Waleriýa (7 göterim), Larisa Dolina we Ýuliýa Çiçerina (her biri 5 göterim), Sofiýa Rotaru, Ýelena Waýenga, Zivert, Pelageýa we Zemfira (her biri 4 göterim) yglan edildi.
Oleg Gazmanowa, esasan, 60 ýaşdan ýokardakylar, Şaman üçin bolsa 35-59 ýaş aralygyndaky russiýalylar ses berdiler. Polina Gagarinany 45 ýaşa çenli russiýalylaryň söýüp diňleýändigi belli boldy.
Pikir soraşma telefon arkaly 3-nji dekabrda geçirildi.