Russiýaly türgenleriň üstünligi

Awstriýanyň Gras şäherinde geçirilen figuralaýyn typmak boýunça Ýewropa çempionatynda russiýaly türgenler öňe saýlandy.Olar altyn medallaryň hemmesini hem-de kümüşdir bürünç medallaryň birinden galanyny almagy başardylar.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda russiýaly Dmitriý Aliýew altyn, watandaşy Artur Danielian kümüş, gruziýaly Morisi Kwiteşwili bürünç medala mynasyp boldy.Zenanlaryň arasyndaky bäsleşikde 3 medaly-da russiýaly gyzlar alyp, Alýona Kostornaýa 1-nji, Anna Şerbakowa 2-nji, Aleksandra Trusowa 3-nji ýeri eýeledi.

Jübütleriň arasyndaky ýaryş çekeleşikli geçip, münberiň 3 basgançagyna-da russiýaly türgenler çykdy.Aleksandra BoýkowaDmitriý Kozlowski, Ýewgeniýa TarasowaWladimir Morozow hem-de Dariýa PawlýuçenkoDenis Hodykin degişlilikde, altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Buzda tans ýaryşynda altyn medaly russiýaly Wiktoriýa Sinisina bilen Nikita Kasalapow ikisi eýeledi.Mundan öňki 5 ýaryşyň çempionlary fransiýaly Gabriella Papadakis bilen Giýom Sizeron ikisi bu gezek kümüş medal bilen oňňut etmeli boldular.

Russiýaly Aleksandra Stepanowa bilen Iwan Bukin bürünç medal gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Fernandesiň yzly-yzyna 7-nji çempionlygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Happy Childhood
MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Halk hakydasy we häkimiýetler: gadaganlyklaryň sebäbi nämede?
ÝER EÝESI RUSSIÝA