Russiýaly türgenler öňe saýlandy

Ýaponiýanyň Saýtama şäherinde geçirilen figuralaýyn typmak boýunça 110-njy Dünýä çempionaty tamamlandy.Bir hepdeläp dowam eden çempionatda ýekeleýin typmakda erkekleriň arasynda geçen ýaryşyň ýeňijisi amerikaly Netan Çen 323,42 utuk bilen altyn medala mynasyp boldy.

Onuň gazanan utugy rekorda deňdir. Ýaponiýaly Ýuzuru Hanýu 2-nji ýeri (300,97 utuk) eýeläp, Dünýä çempionatlaryndaky 6-njy medalyny (2 altyn, 3 kümüş, 1 bürünç) gazandy.Erkekleriň arasynda münberiň üçünji basgançagyna 281,16 utuk toplan amerikaly Winsent Çžou çykdy.

Zenanlaryň arasynda russiýaly Alina Zagitowa altyn medala mynasyp boldy. 16 ýaşyndaky Zagitowa ilkinji gezek Dünýä çempiony bolup, ol 237,50 utuk toplady.Bu medal russiýaly gyzlaryň soňky 5 ýylda gazanan 4-nji çempionlygydyr. 224,76 utuk bilen 2-nji ýeri eýelän Elizabet Tursynbaýewa Dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji medal gazanan gazagystanly zenan türgen boldy.

Gyzlaryň arasynda 3-nji orny 2016-njy we 2017-nji ýyllaryň çempiony, russiýaly Ýewgeniýa Medwedowa eýeledi.

Soňky 5 ýylda4-nji çempionlyk Jübütleýin typmak görnüşinde-de hytaýly türgenler Syn Wençžin bilen Han Çun 1 ýyllyk arakesmeden soň 2-nji gezek Dünýäniň çempiony bolmagy başardylar.

Olaryň gazanan 234,84 utugy Dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy.Russiýaly türgenler Ýewgeniýa Tarasowa bilen Wladimir Morozow hem-de Nataliýa Zabiýako bilen Aleksandr Enbert degişlilikde, 23-nji orunlary eýelediler.

Tans görnüşi boýunça fransiýaly tansçylar Gabriela Papadakis bilen Giýom Sizeron 222,65 utuk toplap, ýene bir ýola altyn medala mynasyp boldular.Toplan utuklary bilen Dünýä rekordyny täzelän türgenler bassyr 2-nji, soňky 5 ýylda 4-nji gezek çempion adyny eýelediler.

Russiýaly Wiktoriýa Sinisina bilen Nikita Kasapalow 2-nji, amerikaly Madison Hubbeli bilen Zahari Donuhe bolsa, münberiň 23-nji basgançagyna çykdy. Medallaryň umumy sanawynda Russiýa (1 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç) bilen ABŞ (1 altyn, 2 bürünç) 12-nji orunlary eýelän bolsa, 1 medal gazanan Hytaý bilen Fransiýa 3-nji ýeri paýlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Bitaraplyk baýramy mynasybetli günäsi geçilen ýene iki tussagyň şahsyýeti mälim boldy
Türkmenistan ýitirim bolan Omargulyýewiň we Garaýewiň “öýlerindedigini” aýdýar
Russiýa: "Ýadro ýaraglar bilen özümizi goramak hukugymyz bar" diýdi
Medwedew Rotterdamda çempion bolup, ATP-niň reýtinginde onluga dolandy
Ýaş prezident on aýda näme gowulyk etdi, nirede ýalňyşdy?
Dünýäniň birinji raketkasy şikes aldy