1-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan Awaza — dostluk mekany atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Çärelere şu ýylyň 26 — 30-njy martynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan ýurduň çagalary hem-de Aşgabatda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar.
Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp, toparlaýyn medal sanawynda birinji orna mynasyp bolan russiýaly mekdep okuwçylary 31-nji iýulda Aşgabada geldiler.
Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara ders olimpiadasynda birinji orna eýe bolan okuwçylaryň toparyna medallar, diplomlar, noutbuk kompýuteri we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Daýanç sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar berildi.
1-nji awgustda Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde şatlyk-şowhun bilen garşylanyldy. Bu ýerde ýaş ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Russiýa Federasiýasyndan gelen çagalar Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän Daýanç sagaldyş merkezinde ýerleşdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzyň howandarlyga mätäç çagalarynyň daşary ýurtly deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy üçin dürli çäreleri we daşary ýurtlara saparlary hem gurap berýär. Russiýaly mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän şu gezekki medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.
Awaza — dostluk mekany atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine gatnaşýan çagalar Hazaryň kenarynda bolmaklarynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem olar şäheriň Salkyn kenar seýilgähinde gezelençde boldular. Agşamlyk bolsa, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy ady bilen dynç alyş tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Hazaryň türkmen kenarynda döredilen ajaýyp dynç alyş zolagynda 1 — 10-njy awgust aralygynda guralýan Awaza — dostluk mekany atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň çäklerinde dürli çäreler guralyp, olar Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň we deňziň ajaýyp ýerlerine gezelençleri, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açýan döredijilik, surat çekmek bäsleşiklerini, çeper okaýyşlary, gyzykly sport ýaryşlaryny, toparlaýyn oýunlary, aýdym-sazly konsertleri hem-de beýlekileri öz içine alýar.