Russiýaly aktýor Sergeý Puskepalis ýol-ulag hadysasynda heläk boldy

Russiýaly aktýor Sergeý Puskepalis ýol-ulag hadysasynda heläk boldy

Tanymal rus aktýory we režissýory Sergeý Puskepalis ýol-ulag heläkçiliginiň pidasy boldy diýip, Izwestiýa gazeti habar berdi.

Hadysa ýurduň Ýaroslaw oblastynda boldy, aktýoryň münen awtoulagy tirkegli ýük ulagy bilen çaknyşdy. Netijede, aktýor we sürüji gurban boldy.

Häzirki zaman rus teatrynyň görnükli wekili Sergeý Piskepalis 1966-njy ýylda ýurduň Kursk şäherinde doguldy. Ol kinoda hem köp surata düşýärdi. Aktýor Sewastopol üçin söweş, Ölmez-ýitmezler we 1945 Berliniň üstündäki ganatlar atly filmlerde ýatda galyjy keşpleri döretdi.

Ýene degişli makalalar

Alen Delon aradan çykdy
Esger filmi prokata üstünlikli başlady
Beýik sazlaýjy 3 prokata ýaramaz başlady
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Robert de Niro 80 ýaşyny kärdeşleri bilen belledi