Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

22-nji we 29-njy aprelde Moskwadan Türkmenabada iki sany ýörite uçuşy amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Türkmenistan awiakompaniýasy bu uçuşlar bilen ýurduň Russiýadaky raýatlaryny alyp gelmegi meýilleşdirýär diýip, Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziliniň sowal-jogap gullugy habar berdi.

Ýer ýüzüni gurşap alan koronowirus pandemiýasy sebäpli, Türkmenistanyň 2020-nji ýylyň mart aýynda halkara howa gatnawlaryny ýatyrandygyny ýatladýarys. Şondan bäri Türkmenistan awiakompaniýasy tarapyndan diňe wagtal-wagtal ýörite uçuşlar amala aşyrylýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän raýatlar 21 günlük karantin gözegçiliginde saklanylýar. Uçara diňe COVID-19 barlagy arassa geçen ýolagçylaryň mündürilýändigini hem ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Balkanda býujetçiler migrant garyndaşlary sebäpli basyşa sezewar bolýar, lebaplylar Russiýa goýberilmeýär
Raýatlaryň daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen wakalar köpelýär
Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip başlandy - çeşmeler
11-nji awgustda Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçar gatnawyny Türkiýäniň ilçihanasy gurnaýar
Uçara meňzeş howa ulagy bilen hüjüm guramak islän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Has uzak aralyga uçar