Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi

Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi

Russiýadan gelýän ilkinji ýük otlusy Türkmenistan bilen serhetdäki Inçe-Burun serhet geçelgesinden geçip, günortada Saud Arabystanyna barýan ýoldaky Bandar-Abbasa tarap ýola düşdi. Muny şenbe güni Golestan welaýatynyň gümrük müdirliginiň baş direktory Şahriýar Şahriýari mälim etdi diýip, Mehr habar gullugy habar berdi.

Otly Günorta-Ural demir ýolunyň Çelýabinsk-Gruzowoý stansiýasyndan ýola çykyp, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden Demirgazyk—Günorta halkara ulag geçelgesinden geçdi. Düzümi 42 konteýnerden ybarat bolan otly elektrik enjamlaryny we reňkli metallary alyp barýar diýip, çeşme belleýär.

Baş direktoryň bellemegine görä, bu geçelgede harytlary daşamak üçin çykdajylar, gümrük nyrhlarynyň gowulandyrylmagy bilen baglylykda, takmynan, iki esse arzanlady.

Ondan öň Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça Hindistana ilkinji konteýner otlusy iberilipdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran bilen Türkmenistan giňişleýin ulag resminamasyny taýýarlaýarlar
Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär
Eýranda 4 Metjit Oda Berildi
Türkmenistan Eýrana günlik 10 million kubmetr gaz eksportyny synagdan geçirdi
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran geçelgesiniň ösdürilmegi ylalaşyldy
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen