Russiýadan Giden Firmalaryň Gazagystana Gelmegi Islenýär

Russiýadan Giden Firmalaryň Gazagystana Gelmegi Islenýär

Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow Russiýadan giden we esasy bölegi günbatarly firmalardan ybarat bolan 250-den gowrak firmanyň ýurda getirilmegi üçin işleýändiklerini we häzirki wagtda 45 firmanyň bu barasynda karara gelendigini aýtdy.

Smailow “Tengrinýus” habarlar saýtyna beren interwýusynda geosyýasy çökgünlik bilen Russiýa garşy sanksiýalaryň diňe bir Gazagystana däl, bütin düýä ýaramaz täsir ýetirendigini beýan etdi.

Daşary ýurt maýasyny çekmek üçin tagallalaryň depginini ýokarlandyrandyklaryny nygtan Smailow; “Häzirki wagtda Russiýadan giden 250-den gowrak firmanyň Gazagystana gelmegi üçin iş alyp barýarys. Olar esasanda çig maldan daşgary pudaklarda iş alyp barýan günbatarly firmalar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Kazanda Abaýyň Aşgabatda dikilen heýkeli ýaly ýadygärligi açylar
Gazak bugdaýy Türkmenistanyň çägi arkaly Owganystana we Pakistana eksport ediler
Geçen ýyl 20 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana syýahat etdi
Ýylyň başyndan bäri 9,6 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana bardy
Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit çykarmakçy
Gazagystanda nebit ýatagynda partlama boldy