Russiýanyň habarlar agentligine beýanat beren Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň resmileriniň berýän habaryna görä, derýalardaky suw joşmalary 33 aýry sebitdäki 193 ýaşaýyş zolagyna ýaramaz täsir ýetirdi.
Suwuň aşagynda galan öýleriň sany 15 müň 641-e ýetdi.
Russiýanyň Kurgan welaýatynyň häkimliginden berilen beýanatda, suwuň şähere tarap barýandygy bellenip, raýatlara ewakuasiýa edilmekleri barada çagyryş berildi.
Sil apaty howpy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edilen Týumen sebitiniň 8 aýry ýaşaýyş zolagynda hem ewakuasiýa işleriniň başladylandygy mälim edildi.
Týumen sebitiniň gubernatory Aleksandr Moor, Işim derýasynda suwuň derejesiniň 10 metre ýetip biljekdigini habar berdi.
Russiýanyň Orenburg sebitindäki Orsk şäherinde Ural derýasynyň ýolundaky bentleriň biriniň 6-njy aprelde partlamagy sebäpli 2400-den gowrak öý suwuň aşagynda galdy.
Sil suwlary sebäpli kyn ýagdaýda galan müňlerçe adamyň halas edilmegi üçin ewakuasiýa işleri başladylypdy.
Ýurduň beýleki sebitlerindäki derýalar hem joşmaga başlady.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin geçen hepde hökümede sil apatlary sebäpli ýörite komissiýanyň döredilmegi barada görkezme berdi.