Russiýanyň Naberežniý Çelniý şäheriniň deportasiýa merkezinde galan Türkmen raýaty Stanislaw Ýakowlew 9-njy aprelde aýaly we üç ýaşly gyzy bilen Türkmenistana deportasiýa edildi.
Bu barada “Çelniý-TW” telekanalyna salgylanyp, “Türkmen.News” habar berdi.
Owalky maglumatlara laýyklykda, bu maşgala ýaş gyzy bilen birlikde Naberežniý Çelnä Türkmenistandan gelipdi we Russiýada ýaşamaga rugsady bolandygy üçin galdylar.
Olar Russiýanyň raýatlygyny almak üçin resminamalar taýýarladylar. Emma, sud olary Russiýanyň resminamasyndan mahrum etdi we Türkmenistana yzyna ýollamak barada karar çykardy. Sebäbi, S.Ýakowlew “jenaýat edipdir” we 1,5 ýyl türmede oturypdyr. Telekanal onuň eden jenaýatyny anyklaşdyrmaýar.
Russiýanyň kanunlaryna laýyklykda, ýurdyň çäginde jenaýat eden daşary ýurtly Russiýada galmagy islenilmeýäne öwrülýär we çet ýurtlylaryň wagtlaýyn saklanylýan merkezine iberilýär we ol ýerden hem watanyna deportasiýa edilýär.
Daşary ýurtly bu merkezde iň köp 2 ýyl 10 gün galyp bilýär. Emma, onuň gitmäge ýeri bolmasa, bu möhleti uzaltmak mümkin.
Ýakowlew özüne berilen möhleti oturandan soňra 2020-nji ýylyň oktiýabrynda şol merkeze ýerleşdirildi.
Şondan bäri Türkmenistana bir çarter uçary boldy we Ýakowlewiň Russiýada doglandygyny delil getirip, ony uçara almadylar.The post Russiýada ýaşamaga rugsady bolan Türkmen raýaty watana deportasiýa edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.