
20-nji oktýabrda Russiýada Moskwanyň eteginde ýaşaýan türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakow ýitirim boldy. Bu barada 2-nji noýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 37 ýaşly Isakowyň habarlaşan “Türkmeniýa, obýedenýaýemsa” (“Türkmenistan, birleşiň”) atly oppozisiýa toparynyň ýolbaşçysy Çemen Öräniň sözlerine salgylanyp habar berdi.