Russiýada togtadylan ýaragly pitnäniň Türkmenistanda döreden 'ýaňlary'

Russiýada togtadylan ýaragly pitnäniň Türkmenistanda döreden 'ýaňlary'

Russiýada 23-nji iýunda başlanyp, ýurdy sarsdyran “Wagner” ýa-da Prigožin pitnesiniň 'ýaňlary' dünýäniň habar, maglumat meselesinde iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda hem eşidildi.Onuň derhal togtadylandygyna garamazdan, rus rublynyň türkmen bazarlaryndaky hümmetiniň düýpli peselendigi, Russiýa okamaga, işlemäge gitjek adamlaryň arasynda pikirini üýtgedýänleriň köpelýändigi habar berilýär. Şeýle-de, türkmen deňizçiniň aýtmagyna görä, harbylaryň arasynda Russiýanyň harby kuwwaty barada edilen ozalky pikirler üýtgäp başlady.

Russiýada 23-nji iýunda başlanyp, bir gije-gündiz töweregi dowam eden pitne, Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň fonunda Russiýanyň dolandyryjy elitasynyň arasynda dörän bölünişigiň iň görnetin görkezijisi boldy we, synçylaryň köpüsiniň, şol sanda anonimlik şertinde pikirini aýdan türkmenistanly synçynyň, Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, “güýçli Putin”, "kuwwatly Kreml" ertekilerine agyr zarba urdy.

Adatça bolşy ýaly, Türkmenistanda raýatlaryň garaşsyz, döwlet senzurasyndan geçirilmedik habarlary almak mümkinçiligine basylan gum böwetleri Moskwadaky başagaýlyga düşünmekde hem bir topar kynçylyk döretdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen gürleşen türkmenistanlylar Prigožin pitnesi baradaky habary beýleki ýurtlaryň habar serişdelerinden eşidendiklerini, soň Russiýada ýaşaýan, işleýän, okaýan türkmenistanlylaryň öz garyndaşlaryna berýän gürrüňleriniň ýyldyrym çaltlygynda’ il arasyna ýaýrandygyny aýtdylar.

Balkan sebitindäki habarçymyzyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýaşaýan raýatlar henizem ruskoýazyçnyý’, ýagny rus dilli hasaplanýar, sebäbi bu ýerde ermeni, azeri, gazak, rus, gruzin milletleriniň wekilleri köp.

“Bu sebitiň adamlary dürli milletlerden bolan we rus dilindäki habarlara gowy düşünýän tanyşlary bilen gürleşip, bilelikde Orsýetde bolan Prigožin wakasyny özleriçe analiz edýärler, dürli çaklamalary orta atýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Beýleki sebitlerdäki habarçylarymyz hem Prigožin wakasynyň adamlarda uly gyzyklanma döredendigini, iki adamyň başy çatylsa, Moskwada bolýan zatlardan söz açylýandygyny, ýöne ýeterlik maglumat bolmansoň, edşidlýän zatlaryň adamlarda köp sorag döredýändigini habar berdiler.

“Prigožiniň pitnesi baradaky gürrüňler edaralarda, firmalarda, gurluşykçylaryň arasynda, bazarlarda, köpçülik transportlarynda dilden-dile geçdi, adamlar “Rossiýa 24” telekanalyndan eşiden zatlaryny, Russiýa Federasiýasynda bilim alýan, işleýän hossarlaryndan eşidenlerini bir-birine gürrüň berdiler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, adamlaryň Orsýetde işleýän, okaýan garyndaşlarynyň howpsuzlygyndan alada galandyklary, olara “hiç zada goşulmaň, indi ol ýer siz üçin hem gaty gorkuly, bolmasa yzyňyza, Türkmenistana gaýdyň’ diýenleriň hem köpelendigi habar berilýär.

Şol bir wagtda, habarçylaryň aýtmagyna görä, “Russiýada bir dönük çykypdyr, ol Moskwany basyp aljak bolýarmyş” diýen gürrüň hem köp edilipdir. Ýene bir habara görä bolsa, bu pitnäni Putiniň öz oýny ýa hilesi hasaplaýan adamlar hem az bolmandyr.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçy Putiniň 26-njy iýunda halka ýüzlenip, hepde aýagynda gozgalaňa gatnaşan söweşijilere eden amnistiýa teklibini gaýtalanda aýdan sözlerine gaty geň galandygyny’ aýtdy. Şonda Putin öz gysgajyk çykyşynda “Wagner” hakyna tutma toparynyň söweşijileriniň rus goşunyna goşulyp-da, öýlerine gaýdyp-da, isleseler, Belarusa hem gidip biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, öz sözleri bilen aýdylsa, Putin rus halkyna "agzybirlik" üçin minnetdarlyk bildirdi, hakyna tutma toparyň serkerdelerine we esgerlerine bolsa, gan dökülmeginden gaça durandyklary üçin sagbolsun aýtdy.Bu, aýdylmagyna görä, Putiniň 23 ýyllyk dolandyryşynda ýüzbe-ýüz bolan iň uly synagy boldy we hakykatda raýatlaryň, wezipeli adamlaryň we ofiserleriň, agyr ýagdaý dörese, ony goldamajakdyklaryny, ýurtda bar diýilýän syýasy agzybirligiň ýa jebisligiň ýokdugyny, Putiniň Ukraina garşy alyp barýan urşuna berilýän halk goldawynyň juda gümürtikdigini görkezdi.

Ýaragly pitneden ozal hem rus goşunynyň ýolbaşçylary barada örän berk tankydy pikirleri bilen tanalan Prigožin 26-njy iýunda, Moskwa ýörişini togtatmaga razy bolandan soň eden ilkinji beýanatynda öz nökerleriniň bir gije-gündiz wagt içinde 780 kilometr ýol geçip, Moskwa 200 kilometrden gowrak galanda saklanandyklaryny, ýerde bir esgeri hem öldürmändiklerini aýtdy.

“Biz awiasiýa serişdelerine zarba urmaga mejbur edilendigimize gynanýarys. Ýörişiň maksady "Wagner" hususy harby kompaniýasynyň ýok edilmegine ýol bermezlik we “ÝHO” döwründe öz professional däl hereketleri bilen ägirt uly ýalňyş goýberen adamlary jogapkärçilige çekmekdi, muny jemgyýetçilik talap edýär” diýip, Prigožin aýtdy.

metbugat habarlaryna görä, wagnerçiler Moskwa ýörişi wagtynda alty dikuçary, bir strategiki uçary urup ýykdylar, olaryň üstündäki adamlaryň ählisi heläk boldy.

Putiniň arkasyndan uly baýlyk toplan Prigožin onuň Ukrainanyň garşysyna başlan urşunyň esassyz bolandygyny, Russiýa ne Ukrainanyň, ne-de NATO-nyň wehim salandygyny, uruşda ölýän rus esgerleriniň sanynyň ýokaryk berilýän hasabatlarda görkezilişinden üç-dört esse kändigini, kä günlerde müňe çenli adam ýitirilýändigi barada aýdan sözleri bolsa, rus prezidentiniň we rus propanadasynyň şu wagta çenli aýdyp gelen gelen zatlarynyň daşardan däl, içerden, urşa gatnaşan we Russiýanyň gahrymany diýilýän adam tarapyndan juda aňsat paş edilmegi boldy.

Ozalky diplomat, Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ozalky ilçisi bolan Nurmuhammet Hanamow, rus metbugatynda aýdylýan zatlardan soň, haýsydyr bir hususy kompaniýanyň goşunynyň beýle çalt Moskwanyň alkymyna gelip biljegine hiç wagt garaşmandygyny, emma munuň şeýle bolandygyny aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Balkandaky habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň biri ozallar türkmenistanlylaryň köpüsiniň Putine başarjaň, dünýä liderleriniň biri hökmünde garandygyny, ýöne Ukraina garşy başlanan uruşdan we ol ýerde dökülen netijesiz ganlardan soň, onuň bu abraýynyň kem-kemden aşak gaçandygyny aýtdy.

“Soňky bolan waka, “Wagner” hakyna tutma armiýasynyň Putine garşy baş galdyrmagy Orsýetiň we Putiniň türkmenistanlylaryň arasyndaky abraýyny ýere gaçyrdy” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

“Ozallar eger Türkmenistana goňşy Owganystandan ýa-da Eýrandan howp abansa, bize Putin kakamyz kömege geler diýip ynanýan adamlar bardy. Prigožin wakasy diňe Türkmenistanyň ýönekeý halkyna däl, döwlet ýolbaşçylaryna hem sapak boldumyka diýýän. Olar Putin we Orsýete söýenip bolmajakdygyna göz ýetirip başladylar” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan türkmen harbysy aýtdy.

“Türkmenbaşydaky harby deňiz floty tas bir ýarym ýyl bäri, gije-gündiz diýmän, gämileri we radarlary ýokarlandyrylan hüşgärlik ýagdaýynda saklaýardy; Ukrain urşy başlanaly bäri berk nobatçylyk çekilýärdi, emma şu hepde, 28-nji iýunda deňiz serhedinde hem berk goranyş düzgüni aýryldy, harbylar bu çäräni Orsýetiň ysgynynyň gaçmagy, Prigožiniň hususy hakyna tutma goşunynyň Moskwa garşy edýän ýörişi bilen baglanyşdyrýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran harby bu wakanyň türkmen deňizçileriniň arasynda hem giňden maslahatlaşylýandygyny gürrüň berdi.

“Indi Moskwanyň we Putiniň güýjüniň diňe dilde bolandygy belli boldy... Ukraina atylýan boş haýbatlaryň syry hem açyldy, “Wagner” toparynyň bir özi Orsýeti basyp almagyň nähili aňsatdygyny görkezdi” diýip, türkmen deňizçisi aýtdy.

“Biziň aramyzda Putini beýik adam, Orsýeti örän güýçli we gerek wagtyn türkmenlere arkadag boljak döwlet hasaplaýan adamlar gaty kändi, emma Prigožin wakasyndan diňe Putiniň we Orsýetiň däl, rus rublynyň hem hümmeti aşak gaçdy” diýip, ýaşaýjylaryň biri Russiýadaky gysga wagtlyk pitnäniň bazara ýetiren täsirinden söz açdy.

“Pitne habaryndan soň rublyň manadyň we dollaryň garşylygyndaky hümmeti 30% pese gaçdy, 23-24-nji okuw ýyly üçin Orsýeti saýlanlar indi başga döwletlere okamaga gitmegiň pikirini edýärler. Meniň tanyşlarym Moskwanyň ýagdaýyny görenlerinden soň, okamaga Azerbaýjana, Türkiýä, Özbegistana, Gazagystana ýa Gyrgyzystana gitmegiň maslahatyny edip başladylar” diýip, ol aýtdy.

Azatlyk bilen pikirini paýlaşan ýaşaýjylaryň biri türkmenistanlylaryň Russiýa garaýyşlarynyň soňky bir ýarym ýylda düýpli üýtgändigini, muňa uruş başlanmazyndan öň Ukraianda ýaşan we ýewropa ýurtlaryna göçen türkmenistanlylaryň berýän gürrüňleriniň sebäp bolandygyny aýtdy.

“Ukrainada uruş turanda, ol ýerde okaýan gyzymyzy gaty uly alada etdik.Ol öň Ukrainanyň gaty asuda ýurtdugyny, adamlarynyň gaty gowudygyny gürrüň berýärdi.Russiýa Ukraina çozdy welin, ýüregimiz agzymyzdan çykara geldi.

Gyzymyza derrew o ýurtdan çyk, yzyňa gaýt diýdik.Emma ol “Türkmenistana barjak däl, gidip bilsem, ýewropa ýurtlarynyň birine gitjek.Türkmenistana dolanyp baranymdan edil häzir şu uruş gidip duran ýurtda galanym hem gowudyr” diýdi.

Biz şonda wah, dilimize eýe bolman, her gün iýjek çöregimizi daňdan 3-de döwlet dükanyndan nobata durup alýarys” diýip, ozal beren gürrüňlerimize gaty gynandyk.Emma indi begenýäris, gyzymyz Ýewropada ýaşaýar, täzelikde durmuşa çykdy, maşgala boldy, yzyna gelesi gelenok, başarsa bizi hem Ýewropa alyp gitjek bolýar” diýip, lebaply ýaşaýjy öz maşgalasynyň tejribesini paýlaşdy.

Putin bilen onuň öz döreden oligarhynyň arasynda dörän gapma-garşylyga araçylyk eden belarus hökümdary Lukaşenkonyň tassyklamagyna görä, “täze global konflktiň howpy hiç wagt beýle golaý bolmandy” we ol Prigožin bilen gepleşik geçirýän wagtynda “Eger-de Russiýa ýykylsa, biz harabalaryň astynda galarys, hemmämiz öleris” diýipdir.

Bu sözler onuň Kremliň Ukrainada başlan urşundan soň dörän agyr ýagdaýa belli bir derejede düşünýändigini aňladýar diýip, türkmen synçysy belledi.

Maglumat üçin aýdylsa, ozal daşary ýurtlardaky konfliktlere gatnaşýan “Wagner” toparynyň özüne degişlidigini uzak wagtlap inkär eden Ýewgeniý Prigožin soň bu kompaniýany özüniň döredendigini boýun alan bolsa, gysga wagtlyk pitneden soň prezident Putin hem ozal ýalan sözläp gelendigini tassyklap, “Wagneriň” doly döwlet üpjünçiliginde bolandygyny aýtdy.

Putin, rus metbugatynyň ýazmagyna görä, geçen ýylyň 7-nji fewralynda rus döwletiniň “Wagnere” hiç hili baglanyşygynyň ýokdugy barada aýdan sözlerini gaýtalapdy. Emma ol 27-nji iýunda “Wagner” toparynyň dolulygyna döwlet üpjünçiliginde bolandygyny, Goranmak ministrligi, döwlet býujeti arkaly maliýeleşdirilendgini aýtdy.

Has anygy, rus prezidenti "Wagnere” döwlet býujetinden 86 milliard rubl harçlanandygyny, şol bir wagtda-da Prigožiniň goşuny azyk bilen üpjün etmekden 80 milliard rubl gazanandygyny aýdyp, öz töwereginde dörän milliarderlere döwlet serişdelerinden baýamak üçin döredilýän şertler barada aýdylýanlary doly tassyk etdi.

Onuň bu sözlerinden soň sosial ulgamlarda bir kezzabyň moskwaly bir pensioneriň milliardlarça rublyny alyp, Belarusa gaçandygy baradaky anekdot peýda boldy.

Şu aralykda Baýden adminstrasiýasy Afrikadaky “Wagner” toparynyň işjeňliklerinden bähbit görmekde aýyplanan kompaniýalara garşy täze sanksiýalary girizdi.

Bu habar Russiýanyň harby polisiýasynyň “Wagneriň” Siriýadaky bazalaryna reýd geçiren wagtyna gabat geldi. Şeýle-de, “The New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, pitnesi togtadylan Prigožin Lukaşenkonyň geňeş-maslahatlaryny kabul edeninden soň, “Wagner” söweşijileri üçin Belarusda täze harby baza gurulýar.

Prigožin pitnesiniň Türkmenistandaky ýaňlary baradaky soragmyza gysgaça jogap beren aşgabatly synçy türkmen metbugatynyň ýaragly pitne barada dymmagynyň hem gülkünç, hem gynançly bolandygyny aýtdy.

“Birinjiden, bu metbugatyň berk senzura astynda saklanylýandygyny, ýurduň metbugat hakyndaky kanunynyň düýpden işlemeýändigini görkezýär. Ikinjiden, bu döwletiň özüni sylamaýandygyny görkezýär” diýip, ol aýtdy.

Wenada ýaşaýan türkmen syýasatçysy Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, türkmen metbugatynyň bu hili habarlary bermekden mahrum edilmegi ýolbaşçylaryň dar syýasy düşünjesi bilen bagly, “olar halk bu hili wakalardan habarsyz bolsa, biz üçin peýdaly” diýip, örän ýalňyş pikir edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Ukrainanıň NATO Agza Bolmagına Rugsat Bermeris”
Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Russiýa: Ukrainanyň rus dikuçaryny ogurlamak baradaky meýilnamasyny puja çykardyk
Russiýa Pitiniň Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolmandygyny aýtdy
Putin şu gün Gazagystana sapar bilen barar