Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, Adalat we Daşary işler ministrliginiň, Kremle, Talibany ýurt gadagan edilen terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagyny teklip edendigini aýtdy.
Kabulow, paýtagt Moskwada žurnalistlere Owganystana hakynda beýannama berdi.
Daşary işler ministrligi bilen Adalat ministrliginiň, Talibanyň terror guramalarynyn sanawyndan çykarylmagy bilen arabaglanşykly işlerini tamamlandygyny we netijeleriniň Kremle hödürlenendigini nygtan Kabulow, “Bu meselä oňyn garaýarys. Taliban hökümetiniň ykrar edilmegi üçin bu etap diýseň möhüm. Şol sebäpli meseläni ara alyp maslahatlaşýarys. Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna Talibanyň terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy teklip edildi. Bu meselede kararyň kabul edilmegine garaşýarys” diýildi.
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, 2022-nji ýylda Owganystandaky wagtlaýyn Taliban hökümetiniň ykrar edilip bilinjekdigini aýdypdy.
Russiýa, 2003-nji ýylda Talibany gadagan edilen terror guramalarynyň sanawyna alypdy.