FSB-niň metbugat bölüminden berilen beýanatda: "FSB Moskwadaky sinagogda raýatlaryň üýşen mahaly terrorçylykly hüjüm guramagy meýilleşdiren asly Orta Aziýa ýurtlarynyň birinden bolan 2002-nji ýylda dogulan raýatyň jenaýat işiniň öňi alyndy" diýip habar berildi.
Ady agzalan şahsyýetiň sinagogda gözegçilik işlerini geçirendigi we bomba üçin materiallar satyn alandygy bellenen beýanatda: "Terrorçy 10-njy aprelde göz tussaglygyna alynan mahaly howpsuzlyk güýçlerine ot açdy we täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi.
Russiýa 22-nji martda ýurduň paýtagty Moskwa şäherindäki "Krokus Siti Holl" atly konsert zalynda ýaragly adamlar tarapyndan guralan terrorçylykly hüjüme sezewar galypdy.
Sosial ulgamlardaky wideo ýazgylarynda hüjümçileriň zalda awtomatiki ýaraglar bilen çem gelen ýere ot açandyklary görüldi.
144 adamyň ýogalan terrorçylykly hüjüm bilen bagly häzirki wagta çenli 11 adam tussag edildi.