Porsche-niň Russiýadaky dilerleri model hatarynda Macan bilen Macan S-iň aralygynda ýerleşýän Macan T krossoweriniň “sport” görnüşine sargytlary kabul edip başladylar.
Awtomobil 265 at güýjüni we 400 Nm güýç pursatyny berýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisine eýe boldy.Hereketlendiriji iki sany Porsche Doppelkupplung (PDK) birleşdiriji we Porsche Traction Management (PTM) doly herekete getiriji ulgam bilen 7 basgançakly herekete geçiriji guty bilen işleýär.
Rul çarhynda hereket režimlerine geçiriji we Sport Response düwmesi bar.Macan T 6,2 sekuntda tizligini sagatda 0-dan 100 km çenli artdyrýar, iň ýokary tizligi sagatda 232 km.
Daşky görnüşi boýunça Macan T beýleki Macan modellerinden Agate Grey Metallic reňkindäki elementleri bilen tapawutlanýar. Bu reňk bilen öňki bamperdäki urundylar, daşky aýnalar, gapdal gapy bezegleri, üçekdäki spoýler we kuzowyň yzky bölegindäki ýazgylar reňklendi. Gapylaryň gapdal bezeglerinde gara reňkde “Macan T” ýazgysy bar. Saýlamak üçin kuzowyň reňkiniň 13 görnüşi hödürlenýär.
Esasy wersiýa GT sport ruluna we öňki paneliň ýokarky böleginde Sport Chrono sekundomerine eýe boldy. Bosaga örtükleri gara reňkli alýuminden taýýarlanylyp, olarda Macan T ýazgysy bar.
Şeýle-de, awtomobilde ýokary hilli aýna sensor ýüzli täze merkezi konsol hem-de 10,9 dýuým sensor displeýli we onlaýn-nawigasiýaly Porsche Communication Management (PCM) kommunikasion ulgamy oturdyldy.