Russiýada keselhana düşen türkmen studentine ildeşleri hemaýat berýär

Russiýada keselhana düşen türkmen studentine ildeşleri hemaýat berýär

Mundan öň Azatlyk Radiosynyň beren maglumatlaryna görä, soňky döwürde daşary ýurtlarda okaýan Türkmenistanly studentleriň dürli wakalarda aradan çykmagy köpeldi.

Olar işleýän gurluşyk desgalarynda ýüz beren hadysada, ýol heläkçiliginde we dürli hassalyklar bilen ilteşikli aradan çykdylar.

Geçen hepdäniň ahyrynda düýbi Moskwadaky “Watandaşlar” rus-türkmen jemgyýeti Galmygystanyň Gorodowikowa adyndaky döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt filologiýasy bölüminiň 3-nji ýylynyň studenti, 26 ýaşly Uzukjemal Beşerowanyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny we onuň gyssagly operasiýa mätäçdigini Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Şol jemgyýetiň başlygy Maksat Saparmyradowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu barada Galmygystanyň döwlet uniwersitetiniň rektorynyň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Wladimir Imeýew jemgyýete ýüzlendi.

“Bu ýüzlenme meniň mailime 22-nji aprelde Elista unuwersitetinden geldi, golam goýlupdyr.Oňa uniwersitetiň halkara gatnaşyklar boýunça prorektory Wladimir Imeýew ýollapdyr.Bu adam meni tanaýar. Şonuň üçinde, meni ýatlap kömek ediň diýip ýazypdyr.

Beşerowa Uzukjemal biziň watandaşymyz, daşary ýurt filologiýasy bölüminde, 3-nji bölümde okaýar. Ýüzlenmäniň ýanynda saglyk jemlemesi hem bar.Oňa hökman operasiýa etmeli.Sebäbi, operasiýa edilmese ýöräp bilenok ýaly” diýip M.Saparmyradow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Wladimir Imeýew türkmen studenti Beşerowanyň aýagynda dörän kesele lukmanlaryň “Koksartroz” diagnozyny goýandygyny, studente edilmeli gyssagly operasiýanyň bahasynyň 150-200 müň rubla deňdigini, ony tölemäge studentiň ýagdaýynyň yokdugyny we kömege mätäçdigini jemgyýete iberen ýüzlenmesinde habar beripdir .

Maksat Saparmyradow Elista şäherindäki döwlet uniwersitetiň ýolbaşçylary Uzukjemal Beşerowanyň saglyk meselesi barada türkmen resmilerine ýüz tutmady. Çünki, olaryň bu ugurda tejribesi bar diýýär.

“Ýüz tutmadylar. Sebäbi, öňden tejribesi bar. 202o-nji ýylyň 17-nji awgustynda koronawirus wagtynda biziň Atanaýew Hydyr atly bir studentimiz himiýa bölüminiň birinji ýylynda okaýardy. Onuň hem problemasy boldy we olar Astrahandaky konsulhana ýüz tutdular.

Oňa hem diýagnoz goýlupdyr. Emma, hiç kim jogap bermändir. Şonuň üçinde, olar konsulhanadan, ilçihanadan kömek ýokdygyny bilýärler. Şol sebäpli bize ýüz tutdylar. Maksat Baýramowiç jemgyýetiňiz bar, kömek ediň diýip maňa yüz tutdylar ” diýip ol aýdýar.

Emma, bu maglumatlar dogrusynda türkmen resmilerinden kommentariýa alyp bolmady.

Düýbi Moskwadaky “Watandaşlar” rus-türkmen jemgyýetiniň başlygy Maksat Saparmyradowyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, olar Galmygystanyň döwlet uniwersitetiniň, daşary ýurt filologiýasy bölüminiň 3 ýylynyň studenti Uzukjemal Beşerowanyň saglygyna gowuşmagy üçin alada edýärler.

“Birinji gün, student gyz we keselhana ylalaşyga gol goýmaly.Soňra maňa bank hasabyny ýollarlar we bizem töleg ederis.Men olara düşündirdim.Diňe operasiýa üçin däl, belki student gyz hassahanada 3 gün ýa 5 gün ýatmaly bolar, däri-derman gerek bolar.

Hemmesini ýazyp, ylalaşyga student gyz we hassahana gol çeksin.Soňra resminamany maňa ýollaň diýdim.Bu ýerde ynsanperwerlik fondlar, dostlar we şirketler bar.Olar zerur puly iberip, student gyza operasiýa etmek üçin kömek ederler” diýip, Maksat Saparmyradow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Galmygystanyň döwlet unwersitetiniň studenti Mälikberdi Allamyradow Beşerowanyň saglyk problemasyny çözmek barada Elista şäherinde edilýän aladalar barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi.

“Türkmen raýatlary bolup, Uzukjemala kömek etmek barada işler alnyp barylýar. Maksat Baýramowiç hem bu işiň beýemçisi we pul kömegini etmegi söz berdi. Nesip bolsa, golaý günlerde kömek etmek üçin işler alnyp barylýar. Umuman, uniwersitetiň kollektiwleri we türkmen studentleri bolup Uzukjemala kömek etmek üçin guramaçylykly işler edilýär” diýip, Allamyradow belledi.

Türkmen aktiwistleriniň pikiriçe, daşary ýurtlarda okaýan Türkmen studentleriniň aradan çykmagynyň artmagyna olaryň wagtynda saglygyny bejerdip bilmeýändigi, koronawirus pandemiýasy bilen bagly ene-atasynyň zerur maddy kömegini edip bilmeýändigi esasy sebäpler hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow ýitirim boldy garaşsyz neşirler
Hukuk toparlary türkmen oppozisiýasynyň ýaş pälwanyň ölümi bilen bagly daşardaky işjeňligi barada beýanat ýaýratdy
“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler
“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler
Mary: Daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ene-atalary geçirimler bilen bagly arz-şikaýat bilen häkimlige bardy
Türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow: kanuny bozmandygym deliller bilen subut edildi