Russiýada iň köp neşir edilýän ýazyjylar belli boldy

Russiýada iň köp neşir edilýän ýazyjylar belli boldy

Russiýada 2022-nji ýylda çeper eserler segmentinde kitaplary iň köp neşir edilen ýazyjy amerikaly Stiwen Kingdir, onuň eserleriniň umumy tiražy 1,3 million nusgalyga ýetdi diýip, Russiýanyň Kitap palatasyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Çeper edebiýat eserleriniň sanawynda ikinji orny Fýodor Dostoýewskiý eýeledi, onuň eserleri 916 müň nusgalykda neşir edilipdir. Ilkinji üçlügi iňlis ýazyjysy Agata Kristi eýeledi (848 müň nusgalyk).

Çagalar edebiýaty ugrunda iň köp neşir edilen ýazyjy Korneý Çukowskiý boldy, onuň eserleri geçen ýyl 898 müň nusgalykda çap edildi, ikinji orunda britan ýazyjy zenany Holli Webb (753 müň), üçünji orunda Joan Rouling (752 müň) ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Paýhaslar
Tokioda Garri Potteriň älemi barada iri seýilgäh açyldy
Iň köp kitap okalýan ýurtlar
Ýazyjy Joan Rouling geçen ýylda 18 million funt gazandy