Russiýada Güýçli Kasset Bombalary Bar

Russiýada Güýçli Kasset Bombalary Bar

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Russiýada has güýçli kasset bombalarynyň bardygyny aýtdy.

Şoýgu: “ABŞ, Ukraina kasset bombasyny berse, Russiýanyň ýaragly güýçleri jogap hökmünde Ukrainanyň ýaragly güýçlerine garşy birmeňzeş ýarag ulanmaga mejbur bolar” diýdi.

Şoýgu rus mediasyna beren beýannamasynda ukrain goşunynyň garşy hüjüm maksatlaryna hiç hili ýetip bilmändigini öňe sürüp; “4-nji iýundan bäri duşman 26 müňden gowrak esgerini, 3 müňden gowrak dürli ýaraglaryny ýitirdi” diýdi.

Şol möhletde rus goşunlarynyň Ukraina degişli 21 uçary, 5 dik uçary, 1244 tanky we sowutly ulagy, Germaniýada öndürilen 17 Leopard tankyny, Fransiýada öndürilen 5 tekerli tanky we ABŞ-da öndürilen 12 söweşjeň sowutly ulagy ýok edendigini aýdan Şoýgu, bulardan daşgary 914 ýörite harby ulagyň, 2 howa goranyş raketa ulgamynyň, 25 minemýoduň, Polşada, ABŞ-da we Fransiýada öndürilen 403 gaubisa bilen topuň hatardan çykarylandygyny beýan etdi.

Şoýgu, rus howa goranyş ulgamlarynyň mundan başgada 176 HIMARS raketasyny, 27 Stom Shadow raketasyny we 483 uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigini belledi.

Şoýgu, ABŞ-nyň Ukraina kasset bombasyny bermeginiň Ukrainadaky çaknyşyklaryň uzamagyna sebäp boljakdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ýemendäki Elektrik Beketlerini, Porty we Nebit Desgalaryny Bombalady
Russiýada Bombardyman Uçary Heläkçilige Uçrady
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Somalide Bombanyň Ýarylmagy Sebäpli 1-i Türk 2 Adam Ýogaldy
Ysraýyl 181 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 176 Günden Bäri Gazany Bombalaýar