Russiýada Gabriel Garsiýa Markesiň soňky romany neşir edildi

Russiýada Gabriel Garsiýa Markesiň soňky romany neşir edildi

Russiýada meşhur kolumbiýaly ýazyjy, Nobel baýragynyň eýesi Gabriel Garsiýa Markesiň dirikä çap edilmedik Awgustda görşeris atly soňky romany neşir edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Kitabyň neşiri ýazyjynyň doglan gününe gabatlandy, şu ýyl Markesiň 97 ýaşy dolmalydy. Kitap rus dilinde kagyz we elektron görnüşlerde çap edildi, onuň başlangyç tiražy 15 müň nusgalyk.

Awgustda görşeris belli bir dörejede ýazyjynyň Pokownoge hiç kim hat ýazmaýar atly romanynyň stilistikasyna dolanmakdyr, romanda ýaş zenanyň durmuşy, onuň ejesine, umuman, özüni gurşap alýan ähli zatlara gatnaşygy yzarlanýar.

Ýene degişli makalalar

“Ýalňyzlygyň ýüz ýyly” ekranlaşdyrylar
“Mançester Sitini” 4-1 ýeňen “Sporting” topary “Arsenaldan” 5-1 utuldy
Markesiň agtygy ýazyja iberilen 150 sany hat tapdy
"Men ynanman!" Dünýä liderlerinden kimler COVID-19 bardygyny gahar-gazaply ret edýär?
Netflix meýdançasy Ýalňyzlygyň ýüz ýyly romany boýunça serial döretmekçi
Marsda meteoritleriň sesi ýazgy edildi