Russiýanyň demir ýol infrastrukturasy arkaly ýük daşamak üçin nyrhnamalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 8 göterim ýokarlandyryldy. Bu barada Antimonopoliýa federal gullugynyň Russiýanyň kanuny maglumatlarynyň resmi web sahypasynda ýerleşdiren buýrugyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.
Nyrhlary ýokarlandyrmak boýunça karar Russiýanyň döwlet demirýollary (RŽD) kompaniýasynyň önümçilik we jemgyýetçilik ugurlaryndaky işiniň durnuklylygyna gönükdirilendir. Nyrhnamalaryň ýokarlandyrylmagy RZD-nyň maliýe meýilnamasyny deňleşdirmäge we Holdingiň maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge kömek eder. Nyrhnamadan alnan serişdeleriň bir bölegi Russiýanyň gündogar bölegindäki kompaniýanyň infrastrukturasyny ösdürmek üçin sarp ediler diýip, Russiýanyň Ulag ministrligi ozal belläp geçdi.
Habarda bellenilişi ýaly, magdanlary we demir konsentratlaryny daşamak üçin nyrhlar takmynan 1,5 esse ýokarlandyrylar.
Şol bir wagtyň özünde, RŽD 2023-nji ýylda Uzak Gündogardan konteýnerler üçin wagonlarda ýük daşamak boýunça 20,7 göterim ýeňillik hödürlemegi dowam etdirer. Şeýle hem rus-gazak serhet geçelgelerinden eksport-import konteýnerleri daşamak üçin 20 göterim ýeňillik girizilýär. Ýükiň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bolaşak - Serhetýaka serhedinden geçmegi ýeňilligiň şerti bolup durýar.