Russiýada demir ýol köprüsinde partlama boldy

Russiýada demir ýol köprüsinde partlama boldy

Rus Telegram kanallary, ýerli metbugat we döwlet habarlar agentlikleri tarapyndan berilen habarlara görä partlamanyň netijesinde konstruksiýalara we köpriniň gapdal diwarlaryna zeper ýetdi, emma beton diregler we demir ýol relslerine zeper ýetmedi.

Ilkinji kesgitlemelere görä wakada ýaralanan adam ýok.

Metbugatda berilen habarlara görä hüjümde elde ýasalan partlaýjy ulanyldy.

Wakanyň bolan ýerine Rosgwradiýa we sapýorlar iş alyp barýar.

Bäş aýry otly sapary waka sebäpli togtadyldy.

Ukrainanyň razwedka gullugy Samara sebitindäki Çapaýewka derýasynyň üstündäki demir ýol köprüsine şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlar tarapyndan hüjümiň guralandygyny tassyklady.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Razwedka gullugynyň maglumat bermegine görä, ady agzalan köpri Russiýa tarapyndan harby ok-däri daşamak üçin ulanylýar. Rus razwedkasyna görä köprüniň öňümizdäki hepdelerde ulanylmagy mümkin bolmaz.

Ýene degişli makalalar

ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Wan welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi
Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy