Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, ýurduň ýangyç bazarynyň üstünde durup geçdi.
Benziniň eksportynyň gadagan edilmegini 1 aýlygyna ýatyrandyklaryny aýdan Aleksandr Nowak: "1-nji sentýabra çenli embargo kararymyz bar. Häzirki wagtda iýul aýy üçin gadagançylyk ýatyryldy we 1-nji awgustda gadagançylyk ýaňadandan güýje girer. Ýagny 1-nji awgustdan başlap gadagançylyk ýaňadandan başlar" diýip habar berdi.
Nowak gadagançylygyň sentýabr we oktýabr aýlaryny hem öz içine almagyny maslahatlaşýandyklaryny beýan etdi.
Rus hökümedi benzin eksportyny 1-nji martda gadagan edipdi, ondan soň Ýewraziýanyň Ykdysady bileleşigine agza ýurtlary bilen birlikde käbir ýurtlar üçin şol gadagançylygy ýatyrypdy.