Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwa şäherinde geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklara ynsanperwer arakesme berilmegi üçin baglaşylan ylalaşygyň üstünde durup geçip: "Bu ylalaşyga oňyn garaýarys. Bu Gazada ýaşaýanlaryň zerurlyklary üçin azyk, ýangyç we derman üpjünçiligini artdyrar" diýip habar berdi.
Ady agzalan ylalaşygyň Kataryň we Müsüriň Hamasyň ýolbaşçylary bilen alyp baran araçylyk gepleşikleriniň saýasynda mümkin bolandygyna ünsleri çeken Zaharowa: "Bu ylalaşygyň ähli taraplar tarapyndan berk ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigini, ynsanperwer meseleleriň gyssagly ýagdaýda çözüwi bilen bagly gepleşiklere goşant goşjakdygyny we dartgynlygyň azalmagy üçin möhüm bir ädim boljakdygyny umyt edýäris" diýip mälim etdi.