Russiýa Ýewropada Gaz Akdyrmaga Dowam Etmek Isleýär

Russiýa Ýewropada Gaz Akdyrmaga Dowam Etmek Isleýär

Nowak Gazagystanda žurnalistlere beren beýannamasynda Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa rus tebigy gazyny akdyrmak hakynda 2024-nji ýylda möhleti gutarýan şertnama hakynda durup geçdi.

Şertnamanyň dowam etmeginiň Ukraina baglydygyna ünsi çeken Nowak; “Gaz olaryň territoriýasynyň üstaşyr edilýär, öz düzgünleri bar. Dowam etmegi olaryň islegine bagly. Biz gaz akdyrmagy dowam etdirmäge taýýar” diýdi.

Ukrainanyň Ministrler kabineti rus tebigy gazynyň Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagy hakyndaky şertnamalaryň 2024-nji ýyldan soňky döwür üçin uzaldylmajakdygyny mälim edipdi.

Ukrainanyň hökümetiniň 2023-nji ýylyň ahyry boýunça çap eden görkezijilerine görä turba geçirijiler arkaly ýurduň üstaşyr Ýewropa akdyrylan rus gazynyň mukdarynyň geçen ýyl 2022-nji ýyla görä 28,4 göterim azalyp, 14,6 milliard m3-a çenli aşaklady.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç kolleksiýasyny tamamlady
Alkaras Jokowiçi ýene-de ýeňdi
ATP-niň lideri ilkinji gezek italiýaly tennisçi bolar
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
Russiýada benzin eksporty gadagan ediler
Russiýanyň nebit-gaz önümçiligi azalar