Russiýa: "Ýadro ýaraglar bilen özümizi goramak hukugymyz bar" diýdi

Russiýa: "Ýadro ýaraglar bilen özümizi goramak hukugymyz bar" diýdi

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, ABŞ-nyň ýurdunyň ýeňilmegini islän halatynda, dünýäniň global bir çaknyşygyň bolsagasynda boljakdygyny belläp, olar ýaly ýagdaýda her dürli ýarag bilen özlerini goramak hukuklarynyň boljakdygyny habar berdi.

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, Telegram hasabyndan beren ýazmaça beýanatynda, ýurdunyň ABŞ bilen gazanylan we materikara ýadro ballistik raketa mümkinçiliklerini düzgünleşdirmegi maksat edinýän, Täze Strategik ýaraglaryň azaldylmagy ylalaşygyna (Täze Start) goşulmagyny ýatyrmagynyň üstünde durup geçdi.

ABŞ-nyň Russiýa garşy her dürli erbetligi edýändigini, Ukrainany uly mukdarda ýarag bilen üpjün edendigini we Russiýany ýeňmek üçin tagalla edýändigini aýdan Dmitriý Medwedew: "Emma strategik howpsuzlyk aýry bir meseledir. ABŞ-Russiýa gatnaşyklarynyň umumy mazmuny bilen hiç hili arabaglanyşygy ýokdyr" diýip belledi.

Dmitriý Medwedew resmi Waşingtonyň eýeleýän pozisiýasynyň uly bir ýalňyşlykdygyny belläp: "Şol ýalňyşlyk üstünlik we eldegrilmesizlik düşünjelerinden gelip çykýar. Ähli makul güýçler, dünýäniň ABŞ-nyň Russiýany ýeňmek islän halatynda global bir çaknyşygyň bosagasynda boljakdygyna göz ýetirýär. ABŞ Russiýany ýeňmek isleýän bolsa ýadro ýaraglar bilen birlikde her dürli ýarag bilen özümizi goramak hukugymyz bardyr" diýip nygtady.

Russiýanyň Täze Start ylalaşygyny gatnaşygyny ýatyrmak baradaky kararyny, ABŞ-nyň we NATO agza käbir beýleki döwletleriň ädimleri sebäpli kabul edendigini aýdan Medwedew: "Bu ABŞ-nyň we NATO agza käbir beýleki döwletleriň ýurdumyza garşy yglan eden söweşiň sebäp bolan, dünýäde we esasan hem ABŞ-da giň seslenme döretjek bir karardyr" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

75-nji ýylynda NATO
NATO iň çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Zelenskiý Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny