Russiýa we Hytaý haýsy meselede ylalaşyp bilmediler?

Russiýa we Hytaý haýsy meselede ylalaşyp bilmediler?

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň Pekine guran saparynda Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti Si Szinpin, gaz üpjünçiligi, Hytaýyň banklarynyň Russiýada has işjeň iş alyp barmagy we Hytaýyň Şweýsariýadaky Ukraina sammitine gatnaşmagy ýaly meseleler gün tertibe getirildi.

Financial Times tarapyndan berilen habara görä, soňky iki meselede uly özgerişler ýola goýuldy. Hytaý Şweýsariaýdaky sammite gatnaşmajakdygyny yglan etdi we kararyny "Moskwanyň goşulmadyk parahatçylyk başlangyçlarynyň manysyzlygy" hökmünde beýan etdi.

Mundan başgada Hytaý ABŞ-nyň basyşlaryna garamazdan geljek günlerde 1 ýa-da 2 bankyna Russiýa bilen ylalaşyk baglaşmaga taýarlyk görmekleri barada görkezme berip biler.

Gaz üpjünçiligi babatynda bolsa taraplar "Sibiriň Güýji-2" atly tebigy gaz geçiriji turba liniýasynyň gurluşygy we gazyň bahasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Financial Times tarapyndan berilen habara görä, Pekin Moskwadan tebigy gazy subsidirlenen içerki bazar bahasyna ýakyn bahadan satylmagyny isledi.Emma Russiýanyň şol şerti ýerine ýetiren halatynda hem Hytaý "Sibiriň Güýji-2" atly tebigy gaz geçiriji turba liniýasyndan geçiriljek ýyllyk 50 milliard kub metr gazyň diňe kiçiräk bir bölegini isleýär.

Russiýa bolsa şol şertleriň esassyzdygyny beýan edýär.Gazet taraplaryň bir pikire gelip gelmedigini entek bilenok.

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin 16-17-nji maý aralygynda Hytaýa sapar gurapdy, taraplar duşuşyklaryň netijesinde gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada karar kabul edipdi.

Ýene degişli makalalar

Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat öýi satyn aldy
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy
Pyrtykal şiresini mandarinden ýasamagy teklip edýärler
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler