Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Hindistanyň hökümet başlygy Narendra Modi öz ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny üstümizdäki onýyllygyň ahyryna 2030-njy ýyla çenli 100 milliard dollara ýetirmek barada maksat goýdular. Bu barada rus lideriniň kömekçisi Maksim Oreşkiniň sözlerine salgylanýan RIA Nowosti habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Oreşkin şeýle-de taraplaryň ýurtlaryň arasynda pul hasaplaşyklarynda milli töleg ulgamlaryndan peýdalanmak hem-de derman önümçiligi senagatynda, awiagurluşykda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşandyklaryny habar berdi.
Putin bilen Modiniň ikiçäk gepleşikleri düýn 9-njy iýulda Kremlde geçdi hem-de 2,5 sagat töweregi dowam etdi. Gepleşikler tamamlanandan soňra Russiýanyň döwlet Baştutany premýer-ministr Narendra Modiniň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.